2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Milli derejede işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligine aýratyn ünsi çekdiler.
Şeýle hem sanly bilim ulgamy, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy ulgamy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ösdürmek ugrundaky çäreleri kämilleşdirmäge gönükdirilen indiki ädimler barada pikir alşyldy.
Taraplar sebitleýin we dünýä derejesinde utgaşdyrylan çäreleriň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek ugrundaky işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.