2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň wezipelerini ýerine ýetiriji R. Meredow bilen Russiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow türkmen Liderini ählihalk tarapyndan Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem, ol 12-nji fewralda geçen saýlawlaryň açyk, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçirilendigi barada halkara synçylaryň toparlarynyň tassyklandygyny belledi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän deňhukuklylyk we hormat goýmak häsiýetdedigini belledi.
Hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde birek-biregi goldamak usulyýetiniň netijeliligi we peýdalylygy nygtalyp geçildi. Şu çarçuwada, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy türkmen halkyny we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda “12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek” hakyndaky Karanamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Gepleşigiň dowamynda, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygy mynasybetli bilelikde geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.