2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda “Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygy: sagdynlygyň, dostlugyň we ruhubelentligiň dabaralanmagy” atly amaly maslahat geçirildi.
Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty çykyş etdiler.
Maslahata ýurdumyzyň mnistrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri we ýokary okuw jaýlarynyň professordyr-mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportyna uly üns berýändigini hem-de ony ýokary derejelere ýetirmekde we dünýä ýaýmakda berýän uly goldawyny belläp geçmekleri bilen, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna uly taýýarlyk işleriniň görülýändigini we geçiriljek bu taryhy wakanyň dünýä ýüzünde türkmen sportynyň giňden tanaljakdygy barada aýtdylar.