30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi.
Häzirki ýagdaýlarda özara goldaw bermegiň oňyn mysallaryna aýratyn üns çekmek bilen, taraplar koronawirus pandemiýasynyň garşysyna göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini nygtadylar.
Şonuň ýaly-da özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara häsiýetli birnäçe meselelere hem seredilip geçildi.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy