2017-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli önümleriniň nobatdaky XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
Serginiň işine gatnaşmak üçin ýeňil we agyr senagat, nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we azyk önümleri ýaly ugurlar boýunça hereket edýän 40 golaý eýran kompaniýalaryndan ybarat bolan wekiliýet Aşgabada geldi. Serginiň bir bölegi Eýranyň medeniýetini açyp görkezýän senetkärçilige, amaly-haşam sungatyna, keramikadan ýasalan önümlerine, çeperçilikli ýasalan aýna önümlerine, zikgelemä, agaç gazma nagşyna bagyşlandy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistandaky ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag haty okaldy. Öz hatynda döwlet baştutany türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam berjekdigini belläp geçdi.
Mart aýynyň 1-ne serginiň çäginde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty geçirilip, onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem-de ýakyn geljekde alnyp baryljak bilelikdäki taslamalara degişli meselelere garalyp geçiler.
Sergi mart aýynyň 2-ne çenli dowam eder.