2017-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda ÝHHG-nyň ýardam bermeginde gurnalan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin niýetlenen diplomatiýa boýunça bäş günläp dowam eden okuw-maslahaty öz işini tamamlady.
“Aşgabatdaky ÝHHG-nyň merkezi özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli ugurlardaky hünärmenlerine özleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmekde ýardamlar bermäge ygrarlydygyny tekrarlaýar. Bu okuw maslahatynyň maksady öňdebaryjy tejribeleri alyşmak ýoly bilen mugallymlaryň we talyplaryň diplomatiýa hünärleri boýunça hünär başarnyklaryny berkitmekden ybaratdyr”, diýip ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd belledi.
Okuw maslahaty iki milli ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary üçin üç günlük seminar-maslahatdan başlandy. Belorus döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň bilermenleri okuwlary geçmegiň aýratynlyklary barada, diplomatik we konsullyk gulluklarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda okuw meýilnamalarynyň işlenilip düzülmegi we bilimde innowasiýa usullaryny ulanmak barada gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ylmy işleri amatlaşdyrmak, daşary syýasat meseleleri ulgamynda seljerme barlaglaryy ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagyň döwletleriň daşary syýasatyna edýän täsirleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Soňky iki günüň dowamynda talyplar häzirki zaman halkara gataşyklarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýanyň ähmiýeti, ÝHHG ýaly halkara guramalaryň tutýan orny, jemagat diplomatiýasy, konsullyk işiniň aýratynlyklary, dünýä syýasatynda birleşmek we bölünip aýrylmak prosessleri ýaly mowzuklar boýunça umumy okuwlar tapgyryny geçdiler.
“Merkez hemişe ÝHHG-nyň agza döwletleriniň uniwersitetleriniň arasynda akademiki gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny goldamaga taýýardygyny aýan edýär, sebäbi şu günki özara bagly dünýäde diplomatiýanyň ähmiýetiniň ösjekdigi ikuçsyzdyr,” diýip Ilçi Natalýa Drozd aýtdy.