2017-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Daniýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Peter Ýýuela Ýenseniň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝHHG we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmnatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Ýurduň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllardaky işjeňligini belläp, taraplar bu gatnaşyklary geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Taraplar Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň halkara meýdanyndaky işjeň hereketleri barada aýdyp, taraplar Durnukly ösüşiň maksatlarynda berkidilen wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurduň oňyn bitaraplygynyň mümkinçiliklerini bellediler. Şunlukda taraplar halkara giňişligindäki özaragatnaşyklaryň ähmiýetine üns berdiler we parahatçylygy, howpsuzlygy we geljekde ösüşi berkitmekde tagallalary birleşdirmek boýunça meselelere garadylar.
Gepleşikleriň çäginde Daniýanyň parlament agzalary Türkmenistanyň daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň we Daniýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini belläp, taraplar geljekde olary ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän dürli ugurlar boýunça giňeltmek meýillerini bildirdiler.