2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilki başdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenldi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilelikdäki tagallalaryň netijeli birleşdirilýändiginiňi aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezdi. Malaýziýanyň “PETRONAS” döwlet kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.
Söhbetdeşligiň domamynda maglumat–kommunikasion tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, önümçilige öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem oňat şertleriň bardygy bellenildi.
Ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda uly tejribe toplanyldy hem-de bilim, ylym we medeniýet ugurlary hem-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Sebit we ählumumy derejede wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dünýä bileleşiginde uly ynjalyksyzlyk döredýän koronawirus pandemiýasy meselesi barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu howpa garşy üstünlikli göreşmegiň möhüm şerti hökmünde halkara tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Muhiddin Ýassin netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugruna ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.