2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, çäräni açmak bilen, döwlet baştutanymyzyň täze kitabynyň çap edilmeginiň ähmiýetli daşary syýasy waka bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň taryhy we häzirki ösüşi, onuň daşary syýasaty we diplomatiýasy baradaky maglumatlary, şeýle hem halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hakynda çuňňur konseptual pikirleri öz içine alýan bu eser ylmy, taryhy we filosofiki taýdan dünýä jemgyýetçiligi üçin gymmatly çeşme bolup durýar.
Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarada diplomat Wladimir Gorýaýew, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlamentar orunbasary Satoşi Nakanişi dagylar çykyş etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynda Wladimir Gorýaýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy barada” atly Rezolýusiýasynyň işläp taýýarlanylmagyna hut özüniň hem gatnaşandygyny beýän edip, munuň Guramanyň taryhynda deňi bolmadyk waka öwrülendigini beýan etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ajaýyp eseriniň Bitaraplyk syýasatynyň düýp manysyny açyp görkezýändigini belläp geçdi.
Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Satoşi Nakanişi öz çykyşynda ýapon-türkmen gatnaşyklaryna ýokary baha berdi we dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk söýüji gatnaşyklary öňe sürmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň goşýan wajyp goşandyny aýratyn nygtady.
Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň çykyşy diňlenildi. Ol öz çykyşynda ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmekde, sebit we halkara derejelerde döwletara we parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmekde bitaraplyk ýörelgeleriniň wajyplygy barada belläp geçdi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Türkmenistanyň Prezidentiniň okyjylary Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapan ynsanperwerlik gymmatlyklary barada habarly edýän bu kitabynyň özboluşlylygy barada belledi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseriniň ähmiýetini nygtap, onda türkmen döwletiniň gurluşynda zenanlaryň aýratyn ornunyň beýan edilýändigini nygtap geçdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sebitde hem-de ondan daşary parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň wajyplygy barada aýtdy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” kitabynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini alan gününden bäri Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki başlangyçlarynyň we alyp barýan işleriniň möhümligine baha bermäge mümkinçilik berýändigi barada belläp geçdiler.
Kitap 10 bölümden ybarat bolup, olar öz içine türkmen bitaraplygynyň taryhy, onuň halkara syýasy we ykdysady prosesslerdäki hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny baradaky maglumatlary alýar. Şeýle hem kitapda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlarda we forumlarda eden çykyşlary ýerleşdirilipdir. Halkara derejede kabul edilen taryhy resminamalar aýratyn bölümde beýan edilipdir.
Täze kitapda Döwlet baştutanymyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine we ählumumy gymmatlyklara laýyk gelýän parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatlylygy we raýdaşlygy ündeýän ençeme paýhasly sözleri getirýär.
Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.