Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we inforamtika institutynda «Multimodal ulag geçelgeleriniň we ygtybarly infrastrukturanyň kämilleşdirilmegi durnukly ösüşiň şerti hökmünde» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi
Çärede dünýädäki häzirki ýagdaýlarda aýratyn möhüm bolup durýan ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegine itergi berýän halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş geňeşiniň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri hem-de ýolbaşçylary bar.
Gatnaşyjylar BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş geňeşiniň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbanyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Prettonyň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Godunowyň çykyşlaryny diňlediler.
Mälim bolşy ýaly, gäzirki döwürde ulag diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar.
Mejlisiň barşynda sebit we halkara ähmiýetli halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň wajyplygy bellenildi. Türkmenistanyň gatnaşmagynda Lapis Lazuli geçelgesi ýaly iri halkara ulag taslamalary amala aşyrylýar. Halkara taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda hut Türkmenistanyň Bitaraplygy bilen şertlendirilendir.
Umberto de Prettonyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan ykdysady integrasiýanyň we global durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, döwrebap infrastrukturanyň emele gelmegine uly goşant goşýar. Ol şeýle hemTürkmenistanyň Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşmegi bilen, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky möhüm baglanyşdyryjy ykdysady nokat bolup durýandygyny nygtady.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Serhetabat-Turgundy, Kerki-Ymamnazar-Akina demirýollarynyň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, köprüleriň, döwrebap howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň beýleki sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.