Baş sahypa / Habarlar
img
12 aprel 2017
3663

Türkmenistanyň DIM-nde Beýik Britaniýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda boýunça wekili, Parlamentiň agzasy Baronessa Emma Nikolson Uinterbornyň  ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

 Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň gidişini bellediler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde güýçlendirmegiň zerurlygy bellenilip, britan tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny agtarmaga ygrarlydygyny beýan etdi. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna esasy üns berildi.

Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamy barada maslahatlaşylyp, taraplar bilim ulgamyndaky taslamalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler, şeýle hem Beýik Britaniýa Patyşalygynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.