2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçeg esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikirler alyşyldy.
Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň Bitewi strategiýasynyň işlenilip düzülmegi ugrunda çykyş eden türkmen tarapynyň onuň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça netijeli serişdeleriň we gurallaryň ulanylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan täze syýasy-diplomatik gurallaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerine seredilmegini teklip etdi.
Şeýle-de terrorçylygyň we transmilli guramaçylykly jenaýatyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça sebit maslahatynyň geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň teklibi beýan edildi. Milli derejede kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owgan meselelerine hem seredilip geçildi. Türkmenistan tarapyndan iri energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryna bu dostlukly goňşy ýurduň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginiň hereketlendiriji güýji hökmünde garalýandygy beýan edildi.