2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) j-p Peter Sante bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özarabähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti barada aýdyldy.
Gepleşikleriň çäginde syýasy we söwda-ykdysady çygyrlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň meselelerine seredildi. Taraplar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Ylym we bilim ugurlaryna taraplaryň aýratyn ünsi berildi. Şeýle hem suw resurslaryny oýlanşykly peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň çarçuwasynda Wengriýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Peter Sante ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.