2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri K.Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň baştutanlarynyň ylalaşyklarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, iki ýurduň Liderleriniň syýasy erki we tagallalary bilen ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ugurlaryň giň çygry boýunça işjeňleşdirmek mümkin boldy. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň batly gadamlaryny bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn duşuşyklary wagtly-wagtynda gurnamak arkaly iki ýurduň daşary syýsat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmeklige ygrarlydygyny beýan etdiler.
Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň berkidilmegi bilen bagly meseleler toplumyna garadylar. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilim, ylym, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy barada pikir alyşdylar.