icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 sentýabr 2021

1887

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.

Hökümetara toparynyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ş.Ganiýew başlyklyk etdiler.

Mejlisiň barşynda suw hojalyk desgalaryny ulanmak we Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşy, şeýle hem iki ýurduň çäklerindäki suw hojalyk desgalarynyň ulanylyşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalyk ulgamynda ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň, Suw hojalyk meseleleri baradaky döwletara utgaşdyryjy toparynyň we Durnukly ösüş baradaky döwletara toparynyň hem-de olaryň düzüm bölümleriniň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da suw hojalyk ulgamyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça meselelere seredilip geçildi. Bu ugurda mejlise gatnaşyjylar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şor-zeý hem-de zyňyndy suwlaryndan gaýtadan peýdalanmak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi