2016-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Roseli bin Abdul bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän çygyrlaryň giň sanawy boýunça giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurtlaryň arasyndaky ynamly we özarabähbitli gatnaşyklary barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Ikitarapaýyn gyzyklanma bildirýän ugurlaryň hatarynda energetika we bilim ulgamlary bellenildi. Şeýle hem gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer düzüjisini çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki çareleri geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Duşuşygyň çarçuwasynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Roseli bin Abdul ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary etjekdigine ynandyrdy.