2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Aziýa ösüş bankynyň (ADB) Prezidenti j-p Nakao Takehikonyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüşi barada pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýle hem energetika, senagat, ulag we söwda ýaly esasy ugurlar boýunça taraplaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçilik we bank ulgamy ýaly pudaklarda gatnaşyklary berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Merkezi Aziýa sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) çaginde gatnaşyklary ösürmäge üns berdiler. Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti ADB-niň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäginde geljekde bilelikdäki işe taýýardygyny aýan etdi we hyzmatdaşlygyň netijeliligine kanagatlanma bildirdi.