2017-nji ýylyň 16-njy iýunynda Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «KR-ň täze hökümetiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategiki mümkinçilikleriň geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Seul şäheriniň Hanýang Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň binasynda gurnaldy.
Maslahatyň işine Seulda akkreditirlenen käbir ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Koreýa Respublikasynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary we mugallymlary, ýurduň maliýe-ykdysady gurluşlarynyň wekilleri hem-de bilermenleri, Hanýang Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hanýang Uniwersitetiniň Aziýa-Ýuwaş umman gözleg merkeziniň direktory, professor Gu Ho Om, Koreýanyň DIM-niň Ýewropa ýurtlarynyň işi boýunça Departamentiniň direktory Su Sak Lim, Türkmenistanyň KR-däki Ilçisi, Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň Prezidenti Ok Rýon Li, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Seulyň birnäçe uniwersitetleriniň professorlary maslahatda çykyş etdiler.
Çykyşlaryň we geçirilen maslahatlaryň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn özarabähbitli hyzmatdaşlygyň çäginde gazanylan esasy üstünlikleri bellenildi. Şeýle hem ýurduň sosial-ykdysady görkezijilerinde görkezilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň tapgyrlaýyn ösüşiniň oňyn barşyna aýratyn üns berildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki durmuşy we esasy gazananlary barada habar berýän wideoşekil görkezildi. Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi döredilip, kabul edişlik gurnaldy.