2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň hem-de edaralaryň wezipeleri we meseleleri bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) monitoring ulgamynyň institusional gurluşyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak, şol sanda ony geljekde amaly taýdan durmuşa geçirmegiň hereketlerini bellemek boýunça tegelek stoly geçirildi.
Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda BMG-niň bilermeni Gereltuýa Altankhuag tarapyndan hödür edilen DÖM-yň monitoring ulgamynyň institusional gurluşyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak, şol sanda ony geljekde amaly taýdan geçirmegiň hereketlerini bellemek boýunça tanyşdyrma görkezmesiniň, şeýle hem DÖM-yň ölçeginiň ulgamyny döretmek boýunça geljekdäki hereketleriň teklip edilýän meýilnamasy we tertipnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar DÖM-yň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy prosesi – bu monitoring we bahalandyrmak meselesine uly orun berilýän koordinirlenen ulgam bolup durýandygy barada aýtdylar. Sebäbi DÖM-yň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetdäki we jemgyýetdäki görkezijilerini kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Tegelek stoluň gatnaşyjylary DÖM-ny durmuşa geçirmegiň strategiýasynyň we meýilnamasynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň Türkmenistanda işleýän BMG-niň düzüm birlikleri bilen tagallary sazlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.