2017-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Kemal Muftiç bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bosniýa we Gersegowinanyň arasyndaky ynamly gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar olary geljekde işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki işe taýynlygyny bellediler. Şunlukda taraplar iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň zerurlygyny bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada aýdyp, taraplar medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Syýahatçylyk, ylym we bilim pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň dowamynda j-p Ilçi Türkmenistanyň halkara ynsanperwer tagallalary barada belläp, ýurduň oňyn bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy saklamakdaky ähmiýeti barasynda nygtady.
Duşuşygyň çarçuwasynda Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Kemal Muftiç ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.