2017-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewraziýa departamentiniň başlygy Aleksandr Ben Tswiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlaryň guralmagynyň wajypdygyny belläp, Ysraýyl tarapy bu ugurda işleriň ilerlemegini şertleşdiler.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilip, döwletara hyzmatdaşlygyň dürli derejedäki meselelerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hoşallygyny bildirdiler we ony köp ugurlar boýunça has hem ösdürmek mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygyny bellediler.