2016-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda Permana we Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýewi Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça milli utgaşdyryjy edarasyny bellemek baradaky Karara gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasyndan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly işler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň üstüne ýüklenildi.
2015-nji ýylyň 2-nji martynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Dolandyryjylarynyň maslahaty Türkmenistanyň bu guramadaky agzalygy barada ýüz tutmasyny kabul etdi. 2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş maslahatynyň 59-njy sessiýasy geçirildi we onuň dowamynda bu halkara guramasyna Türkmenistany kabul etmek baradaky kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
2016-njy ýylyň 16-njy fewralyndan bäri Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň doly hukukly agzasy bolup durýar.