icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 awgust 2017

1904

Owganystanyň Mazari-Şerip şäherinde türkmen-owgan söwda öýi açyldy

2017-nji ýylyň 28-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerip şäherinde «Türkmenistan» ady bilen türkmen- owgan söwda öýi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Söwda öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden, türkmen işewürlerinden hem-de türkmen teleýaýlymynyň habarçylaryndan düzülen wekiliýet agzalary geldiler.

  Bu çärä owgan tarapdan Samangan welaýatynyň häkimi Kerim Haddam, Balh welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Beşir Tahwidi, Balh welaýatynyň deputatlar geňeşiniň başlygy Afzal Hadid, Jowuzjan welaýatynyň deputatlar geňeşiniň başlygy Möwlawi Haýat, Jowuzjan welaýatynyň Şibirgan şäheriniň häkimi Injener Hüseýin, Jowuzjan welaýatynyň Akja etrabynyň häkimi Annamyrat Şai, Farýab welaýatynyň Akina şäherçesiniň häkimi Mohammad Anwar Gurban, Owganystanyň DIM-niň Mazari-Şerip şäherindäki wekilhanasynyň başlygy Hajy Nureddin dagylar, şeýlede Balh welaýatynyň ýerli häkimiýet edaralarynyň we Mazari-Şerip şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda resmi adamlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, bu söwda öýüniň Türkmenistan bilen Owganystanyň özara dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine uly goşant goşjakdygyny bellediler.

Soňra dabara gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň jan saglygyny diläp sadaka berildi.

Sadakadan soňra Mazari-Şerip şäherindäki “Kefaýat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistandan gelen wekilýet agzalary bilen owgan işewirleriniň duşuşygy bolup geçdi.

Bu duşuşykda owgan tarapy esasanam Türkmenistanyň demirýoly arkaly daşary ýurtlara owgan harytlaryny çykarmaga we şol bir wagtda hem daşary ýurtlardan Owganystana harytlary getirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini bildirdiler we bu ugurda ýüze çykýan bökdençlikleriň öz wagtynda çözülmegini gazanmak üçin Owganystanda Türkmenistanyň demirýol ministrliginiň wekilhanasynyň açylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny öz pikirleri hökmünde bellediler.

 Soňra günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi A.M.Nur bilen duşuşygy bolup geçdi. Onda türkmen wekiliýetiniň agzalary owgan-türkmen söwda öýüniň açylyş dabarasynyň ýokary derejede gurnalandygy we türkmen wekiliýet agzalarynyň gyzgyn kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ondan soň Balh welaýatynyň häkimi çykyş edip ol owgan-türkmen söwda öýüniň açylşygyna özüniň gowy baha berýändigini belledi we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda A.M.Nur türkmen tarapyna hoşallyk duýgularyny bildirip olar bilen mähirli hoşlaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi