2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi.
Soňra tanyşdyrylyş ekskursiýasy geçirildi, onuň dowamynda Merkeziň alyp barýan işleri görkezildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Merkeziň işgärleri bilen "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" mowzugy boýunça söhbetdeş boldy we söhbetdeşligiň dowamynda Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň iň möhüm taraplary barada çykyş etdi.
Duşuşygyň ahyrynda "sorag-jogap" görnüşinde pikir alşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BAE-nyň Daşary işler ministriniň Daşary gatnaşyklary ösdürmek boýunça kömekçisi Soltan Muhammet Al Şamsi bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda iki tarap hem dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydyklaryny, abraýly halkara gurluşlaryň çäginde özara gatnaşyklary güýçlendirjekdigini tassykladylar.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapy ministriň kömekçisini Arkadag şäheriniň dabaraly açylyş dabarasyna çagyrdy.