2016-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Er-Riýad şäherinde “Patyşa Fahd” adyndaky medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş çäresi guraldy.
Döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar, KHBS-niň wekillerinden düzülen türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna geldi.
Dabaraly açylyş çäresine diplomatik korpusyň, giň jemgyýetçilik, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, watandaşlarymyz we bu ýeriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti guraldy, onuň maksatnamasyny halk sazlary, türkmen kompozitorlarynyň we dünýäniň nusgawy aýdym-saz sungatynyň eserleri, estrada aýdymlary we milli aýdymdyr-tanslar düzdi.
Medeniýet günleriniň barşynda türkmen halkynyň milli taryhy we medeni mirasynyň, Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň ajaýyp ýygyndylary Saud Arabystany Patyşalygynyň giň jemgyýetçiligine ýetirildi.
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy dowam edýär.