Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda açyk we aýdyň içeri we daşary syýasaty alyp barýar.
Şunuň bilen, biziň ýurdumyz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm jemgyýetçilik meseleleri çözmäge we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýoluna berk eýerýär.
Amatly daşarky şertleriň döredilmegi şeýle oňyn geljege gönükdirilen we netijeli içerki ösüşiň möhüm faktorlaryndan biri bolmak bilen, ol Birleşen Milletler Guramasynyň döwletleriň deňligi we birek-birege hormat goýmagyny özünde jemleýän we muny esasy orunda goýýan Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Türkmenistanyň paýhasly, deňagramly we aç-açan daşary syýasaty netijesinde amala aşyrylýar. Bu möhüm kadalara esaslanyp, Bitarap türkmen döwleti özüniň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň 30 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň ösmegine, global gün tertibindäki meseleleriň giň toplumy boýunça BMG-niň kararlarynyň işlenip düzülmegine we olaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy.
Bu ugurlaryň biri hem energiýanyň durnuklylygy we howpsuzlygy, halkara energiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen häzirki döwürde halkara energetika hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze düşünjesiniň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Onuň esasy maksady dünýä bazarlarynda energiýa öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmekden, şeýle hem olaryň bähbitlerine hormat goýmakdan ybarat bolup durýar.
Bu strategiýany durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek - 2008-nji ýylyň dekabrynda we 2013-nji ýylyň maýynda energiýa çeşmeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekdäki orny baradaky Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Energetika pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruny yzygiderli dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan özüniň ileri tutýan garaýyşlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Üznüksiz, durnukly we ygtybarly energiýa mobilligi we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki onuň aýratyn orny” atly Kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Kararyň taslamasy 2025-nji ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly Halkara forumyny geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň energetika pudagyndaky halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen kararlarda öz beýanyny tapdy we iri energiýa taslamalarynda durmuşa ornaşdyrylmagyny dowam etdirýär. Olaryň arasynda Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Eýran gazgeçirijileri, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi, Türkmenistandan Eýrana we owgan ugry boýunça soňra Pakistana çykmak bilen ýokarywoltly elektrik geçirijiler ýaly energiýa geçiriji ugurlary aýratyn bellemek gerek.
Ýokarda agzalan we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energiýa üpjünçiligini Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitlerine diwersifikasiýa etmek ýörelgesine esaslanýar.
Bu ýerde daşary ýurtlar we kompaniýalar bilen köp ýyllyk bilelikdäki işleriň dowamynda biziň ýurdumyzyň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we aç-açanlyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini bellemek gerek.
Hut şu garaýyşlardan ugur almak bilen, Türkmenistan häzirki wagtda özüniň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeldýär.
Geljegi uly bolan täze hyzmatdaşlaryň hatarynda türkmen tarapy Uzak, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Türkmenistan bilen netijeli özara gatnaşyklary amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýän döwletlerini göz öňünde tutýar.
Şularyň hatarynda Yrak Respublikasyny bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Yragyň energetika ulgamynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat bolan ýokary derejeli wekiliýeti 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda boldy we Türkmenistan bilen, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirdi.
Ikitaraplaýyn energetika dialogyny dowam etdirmek nukdaýnazardan, Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu ýylyň 5-8-nji oktýabrynda Bagdatda iş sapary bilen boldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammet Şia as-Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yragyň hökümetiniň başlygy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny we bu babatda energetika pudagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüljekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary goldady we ýakyn wagtda olaryň durmuşa geçirilip başlanjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen gepleşikleri geçirdi, olaryň dowamynda Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy oňyn görnüşde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazyň SWAP meýilnamasy boýunça goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden dowamlylygy azyndan 5 ýyldan az bolmadyk uzakmöhletleýin şertnamalar esasynda iberilmegine gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, yrak tarapy ýylda 10 milliard kub metr möçberde türkmen tebigy gazyny kabul etmäge taýýar bolar.
Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda bilelikdäki geljekki işleriň hukuk, söwda, maliýe we guramaçylyk şertleri barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň netijesinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Taraplar şu ýylyň 25-27-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” atly Halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Aşgabatda gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň özüniň energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn baý tejribesine eýerip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň giň toparyna eýe bolmak bilen, milli gaz pudagyny ösdürmekligi, köp görnüşli turbageçiriji infrastrukturasyny giňeltmekligi, gaz pudagyndaky halkara düzgünler we tejribeler esasynda türkmen tebigy gazyny gyzyklanma bildirýän ýurtlara we kompaniýalara ugratmaklygy öz içine alýan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak boýunça diwersifikasiýa syýasatyny berk we yzygiderli alyp barjakdygyny bellemek zerur.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat-gullugy