2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Le Kan Haýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman ilki bilen Wýetnam wekiliýeti üçin Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna öz minnetdarlygyny bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň, sport we syýahatçylyk ugrundaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini hem-de halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, Wýetnam tarapy ýene bir gezek Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we oňa gatnaşýan ähli türgenlere uly üstünlikler arzuw etdi.