2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Nygtalyşy ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen gatnaşyklarda däp bolan taryhy we medeni köklere uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty özara bähbitli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.
Binýadynda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy we ruhy ýörelgeleri duran medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki medeni çäreler, hususan-da, Medeniýet günleri, dürli sergilerdir beýlekiler döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly itergi berýär.