2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy.
Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorologiýa ýaly pudaklaýyn edaralaryndan, Ylymlar akademiýasyndan, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan ygtyýarly wekiller gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşinde Hazar deňziniň orny barada aýdyp, Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bilen netijeli özaragatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny bellediler. Wekiliýetler hazarýaka döwletleriň hojalyk we tebigaty goramak işleri bilen bagly öňünde duran meseleleriň, bu meseleleri çözmegiň mümkin bolan usullarynyň, ylmy merkezlerini döretmek we milli deňiz strategiýasyny işläp taýýarlamak babatda öz döwletleriniň nukdaý-nazarlaryny beýan etdiler.