2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Mali Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş) jenap Tiefing Konate bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygy belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ulgamlarda özara hereketiň mümkinçiliklerine seretmekligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ulgamlarda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler.
Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak bilen, taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk esaslaryny giňeltmegiň möhümdigini bellediler we iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmekligi ylalaşdylar.
Şeýle hem medeniýet we sport ulgamlarynda, iki ýurduň arasyndaky ylmy toparlaryň gatnaşyklarynyň ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanma beýan edildi.
Öndürijilikli we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilmäni belläp, türkmen tarapy Ilçä türkmen-mali gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan işinde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.