Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri bilen işleşýän Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekliginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezini we Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan gurnaldy.
Bu duşuşyga 10 sebitleýin hem-de 9 halkara guramalaryndan wekiller ýygnanyşdy, olatyň arasynda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň düzümindäki bölümleriň, DÖHK-iň YHM-iň, DÖDK-iň sekretariýatynyň, Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň YHM-iň, DSUKiň sekretariýatynyň, “Amyderýa” AHSHB-iň we onuň şahamçalarynyň, “Syrderýa” AHSHB-iň Merkezi Aziýanyň daglyk merkeziniň, Merkezi Aziýanyň gidrologik merkeziniň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri bar.
Bu duşuşygyň maksady sebitleýin maksatnamalary hem-de prossesleri öne sürmekde bilelikde hereket etmekligi utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek üçin durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen guramalarynyň tagallalaryny, mümkinçiliklerini we meýilnamalaryny birikdirmek, şeýle hem sebit guramalaryň her birisiniň ADHM-4, DGGHSM ýerine ýetirmekde we daşky gurşaw Merkezi Aziýa üçin meýilnamany öňe sürmekde mümkinçiliklerini ara alyp maslatlaşmak.
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň yerine ýetiriji direktory I.Abdullaýew bu ugurda işleri geçirmek we sebitleýin guramalaryň meýdançasynyň bilelikdäki hereketleri boýunça öz garaýşy barada çykyş etdi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan döredilen we öňe sürülýän bilelikdäki hereketleri boýunça meýdança gyzgylaňly hem-de gyzykly özara pikir alyşmakaryň we çekleşikleriň ýerine öwrüldi.
Altynjy duşuşygyň çäginde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirilişine baha bermeklik boýunça ýörite sessiýa geçirildi. Onda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy G. Baýjanow çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylyň iýulyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň nobatdaky ýygnagyna taýarlyk işleri hakynda aýdyp berdi.
DÖDK-iň sekretariýatynyň ýolbaşçysy B.Mämmedow Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny öňe sürmek boýunça işler barada çykyş etdi.
Şeýle hem maslahatda Aşgabatda 2018-nji ýylda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçlarynyň sammitine taýarlygyň alnyp barlyşy barada gürrüň edildi we Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasynyň taslamasy hem-de MBG-yň Ýörite maksatnamasyny diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi.
Ýurtlaryň hem-de sebitleýin guramalaryň wekilleri olaryň dykgatyna ýetirilen meýilnamalar hakynda pikir alyşmalaryň dowamynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler, sebitde hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda, olaryň ösdürilmeginiň we bilelikdäki maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmaga ýardam berjek meýilnamalary belläp geçdiler.
Duşuşyk gyzykly özara pikir alyşmalar we çekeleşikli ýagdaýda geçdi.