2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Yslam Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory jenap Hişam Taleb Maruf bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki önjeýli işleriň çäklerindäki netijelere, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşe ynam bildirip, taraplar gün tertibinde durýan degişli sebitleýin meseleler barada pikir alyşdylar.
Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllar üçin Iş maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerine seretdiler. Ulag-aragatnaşyk we kiçi we orta telekeçiligi goldamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini belläp, taraplar görkezilen aralykda bilelikde edilen işlere gysgaça syn berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara peýdaly gatnaşyklar esasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki üstünlikli ösüşine ynam bildirip, geljekde hem tagallalary birleşdirmeklige kanagatlanma bildirdiler.