2017-nji ýylyň16-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, TRASEKA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Mirça Çiopraga bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýada ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginde esasy ähmiýete eýe bolup durýan, şeýle-hem ony TRASEKA ýaly iri sebitleýin we infrastruktura taslamalara goşmakda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ähmiýetli orny bellenilip geçildi.
Gepleşigiň ahyrynda taraplar gerek bolan halkara standartlaryň ähli kuwwatyna we çeşmelerine eýe bolup, Türkmenistan özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky wajyp çatrygynyň ornuny berkidýär diýip belläp geçdiler.