2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi.
Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar.
Kararnamany Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlenende, Merkeziň döredilenine geçen on ýylyň dowamynda ol umumy serişdeleri dolandyrmak boýunça sebitleýin gepleşikleriň geçirilýän ýeri we terrorçylyga, uruşparaz ekstremizme, guramaçylykly jenaýata hem-de adam söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat edýär, diýlip bellenildi.
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi BMG-niň parahatçylyk dörediji hereketiniň özboluşly seýrek düzümi hasaplanýar. Onuň döredilmegi hakyndaky başlangyç sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamak we howpsuzlygy üpjün etmek hakynda konseptual garaýyşlary bilen yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Sebit ýurtlarynyň hemmesiniň we soňra Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylmagy netijesinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ştab-kwartirasy 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyldy. Merkez öňüni alyş diplomatiýasy, häzirkizaman şertlerdäki ikitaraplaýyn hereketiň işjeň ugurlaryny nazara alýan ygtyýarlyklary bolan BMG-niň taryhynda ilkinji syýasy missiýasy hasaplanýar.
Birleşen Milletler Guramasy A/RES/72/7 Baş Assambleýa
Ýetmiş ikinji sessiýa Gün tertibiniň 65-nji punkty
Parahatçylygy gurmak we gorap saklamak
Baş Assambleýa tarapyndan 17 noýabr 2017 ýylda kabul edilen Kararnama
Birleşen Milletlet Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň orny
Baş Assambleýa,
Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna esaslanyp,
Aşgabatda Öňüni Alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkezini döretmek barada Birleşen Milletlet Guramasynyň Baş sekretarynyň we Howupsyzlyk Geňeşiniň başlygynyň arasyndaky hat alşyga esaslanyp,
Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynda agzalygynyň ýigrimi baş ýyllygyny kanagatlanmak bilen belläp, halkara gatnaşyklar ulgamynda Birleşen Milletler Guramasanynyň aýratyn ornuny tassyklap, umumy meseleleri çözmäge we sebitiň ýurtlarynyň arasynda durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri kabul etmäge gönükdirilen syýasy gepleşige çagyryp,
2017-nji ýylyň dekabrynda ýetip gelýän Birleşen Milletlet Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň döredilmeginiň on ýyllygyny nazara alyp we Sebitleýin merkeziň tejribesine daýanyp,
Jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde ýardam etmek boýunça Birleşen Milletlet Guramasynyň tagallalaryny goldamak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyplygyny tassyklap we bu çarçuwada Sebitleýin merkeziň mandatyna laýyklykda we giňişleýin sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýädäki transmilli howplara garşy durmak we sebitde durnukly ösüşe ýardam bermek maksatlarda Merkezi Aziýa dowletlerine ýardam bermekde ornuny ykrar edip,
Merkezi Aziýada boldugyndan has durnukly we howpsuz ýagdaýyň döredilmeginiň we saklanylmagynyň wajyplygyna düşünip, sebitdäki hyzmatdaşlygyň çarçuwasynda gazanylan tejribäni, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berilen ýardamy nazara alyp sebitdäki ýurtlaryň Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň sebitleýin zolagynyň nusgasyny döretmäge bolan ymtylyşyny goldap,
Birleşen Milletler Guramasynyň sebitde Global terrorçylyga garşy strategiýasynyň ulgamlaýyn we deňagramly ýerine ýetirmek maksady bilen,
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda terrorçylyga garşy göreşmek ugrunda, terrorçylyk üçin oňaýly şert döredýän zorlukly ekstremizmiň öňüni almak çygyrlarynda Sebitleýin merkeziň aýdyň wezipelerini belläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Global terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary derejeli Dialogynyň gatnaşyjylarynyň kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna salgylanyp,
Sebitde neşe serişdeleriniň bikanun öndürilişine we aýlanşygyna garşy göreşmegiň wajyplygyny nygtamak bilen we şunuň bilen baglylykda Sebitleýin merkez tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi bilen onuň Taşkentdäki Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi hem-de Gazagystan, Almatydaky neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy bilen göreşmek boýunça Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat utgaşdyryjy merkezi bilen bilelikde geçirýän işlerine ýokary baha berip,
Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt boýunça toparlary, şeýle hem Parahatçylyk gurujylyk gaznasy bilen dawalaryň öňüni almak we parahatçylyk gurujylyk meselelerinde ysnyşykly gatnaşygyny kanagatlanma bilen belläp,
Suw we energiýa serişdelerini toplumlaýyn ulanmak baradaky meselesi boýunça özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagalla etmäge bolan taýýarlygyny belläp,
1.Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýanyň Sebitleýin Merkezine öňüni alyş diplomatiýanyň meseleleri bounça sebitdäki ýurtlaryň hökümetleri bilen, hem-de olaryň razylygy bilen beýleki degişli taraplar bilen gatnaşygy saklamagy maslahat berýär;
2. Sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Sebitleýin Merkeziň ýardamyny hoşallyk bilen belleýär;
3. Sebitleýin Merkeziň öňüni alyş diplomatiýanyň esasynda sebitde durnuklylyga, parahatçylyga we durnukly ösüşe salynýan wehimlere garşy göreşmek boýunça sebitdäki ýurtlaryň hökümetleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmegi maslahat berýär.
2017-nji ýylyň 17 noýabry 55-nji umumy mejlis