icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 dekabr 2017

823

Özbegistan Respublikasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp brifing geçirildi

2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän Ilçihanasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp brifing geçirildi.

Ilçihanada geçirilen brifinge Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, we Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylara ýurduň daşary syýasatynda, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ulgamlarynda ýeten derejelerinde hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti we orny, şeýle hem köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berildi.  

2018-nji ýylda ýurtda we onuň çäklerinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ady bilen  geçirilmegi göz öňünde tutulýan köpsanly çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki, ýakyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we ýüze çykan meseleleri syýasy-diplomatiki usullar we serişdeler bilen çözmekde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny hakynda bellenilip geçildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdeleriniň howpsuz we durnukly üstaşyr geçirilmegi, transkontinental awto we demir ýollarynyň gurulmagy, şeýle hem planetamyzda ekologiki dürlüligiň saklanylmagy boýunça BMG-niň ýokary münberinden we Owganystan boýunça geçirilen halkara forumlaryň çäklerinde öňe süren başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Dabaranyň çäklerinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistandaky ägirt uly özgerişlikleri we onuň üýtgeşik taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän wideo-ýazgy görkezildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi