2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Awstriýanyň tarapynyň wekiliýetine Ýewropanyň işleri, integrasiýa we daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günorta Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň ýolbaşçysy Katarina Wizer ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasat, ykdysadyýet, ulag we daşky gurşawy goramak, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan hem BMG-niň we ÝHHG-niň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.
Şeýle hem halkara howpsuzlygyň sebitleýin meseleleri we nukdaýnazarlary babatda, öz içine halkara howplara garşy göreşmegiň, sebitde ýaragsyzlandyrmagyň meseleleri boýunça pikirler alşyldy. Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalary bellenildi.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, medeniýet, sungat, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Ýola goýlan netijeli gatnaşyklary geljekde diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyga laýyk gelýän gepleşikleri dowam etmegiň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, taraplar syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisini 2018-nji ýylda Wenada geçirmegi ylalaşdylar.