2016-njy ýylyň 2-3-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletinde iş saparynda boldy.
2-nji noýabrda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleri derejesinde syýasy-geňeşmeleri geçirildi.
3-nji noýabrda Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Toparyň türkmen we katar taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek üçin mäkäm binýady döredendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, topara gatnaşyjylar şu günki mejlisiň Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky günsaýyn ösýän gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, ýagny ýangyç-energetika, maliýe-bank, söwda-ykdysady, senagat, şol sanda dokma senagaty we tekstil önümleri, ulag, sport, ylym, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ikinji mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça Tesriwnama gol çekildi.
Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen hem duşuşyk geçirdi.