2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) syýasy departamentiniň direktory Skot Seward Smit bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga we Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşy zerur taslamalary amala aşyrmak boýunça kabul edilen amaly ädimlere ünsi çekdiler. Şeýle hem Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek we dawalary parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrmaklygyň meselelerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň usullaryna seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitleýin we sebitara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy, şeýle hem ulgamlaýyn ýollaryň üsti bilen bilimleri we maglumatlary alyşmak üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maslahatlaşdylar.