2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaeskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bellediler. Geljekki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň halkara arenasyndaky işjeň hereketleri barada aýdyp, taraplar Durnukly Ösüş Maksatlarynyň öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmakda ýurduň oňyn bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şu nukdaý-nazardan, taraplar halkara arenasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi barada meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.