2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, seýle hem sport, bilim we ylym ugurlaryndaky has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisiniň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen bilelikde, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamak boýunça maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, iki ýurduň Liderleriniň alyp barýan syýsatynyň netijesinde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan birek-birege bolan ynamyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklmagyň möhümdigini bellediler.