Baş sahypa / Habarlar
img
15 maý 2026
74

Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Forumda ilkinji bolup türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi.

Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýandygyny we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny, ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ISESCO-da synçy derejesiniň berilmegi baradaky resmi haty ugradandygyny nygtady.

“Biziň tarapymyzdan bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz taryhy miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar.

Bilim we magaryf işi barada aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

“Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady.

ISESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçysy derejesiniň berlendigini nygtamak möhümdir.

Agzalan guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň çykyşynda 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtmagy möhüm ähmiýete eýedir.

***

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda eden çykyşynyň doly teksti bilen şu salgy arkaly tanyş bolup bilersiňiz: https://mfa.gov.tm/articles/1908