2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Tährana Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tährana geldi.
Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň çakylygy kabul edilendigi we Tährana wekilçilikli topar iberilendigi üçin minnetdarlyk bildiren Eýranyň Mejlsiniň ýolbaşçysy Ali Larijani bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary ösdürilmegine ygrarlygyny bildirdiler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we iki dostlukly ýurtlaryň arasynda netijeli gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmek bellenildi.
16-njy ýanwarda YHG-niň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň 13-nji maslahatynyň açylyşy geçirildi. Maslahatyň işine 16 sany parlamentleriň ýolbaşçylary, 14 sany parlamentleriň başlyklarynyň orunbasarlary we yslam ýurtlarynyň birnäçesinden parlament wekiliýetleri gatnaşdylar. YHG-niň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň 13-nji maslahatynyň işiniň jemleri boýunça ýüzlenme kabul edildi.