Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
21 maý 2026
147

Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýeti bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara söwdanyň häzirki derejesine hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda hususy pudagyň ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.