2018-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) jenap Mujibur Rahman Buýan bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydygyny tekrarladylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini tassykladylar.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça tekliplere garadylar we iki ýurduň işewür gurluşlaryň wekilleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň zerudygyny bellediler. Taraplar Türkmenistan bilen Bangladeşiň arasynda oba hojalygynda hem-de dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamynda hem gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyna gyzyklanma bildirildi.