Baş sahypa / Habarlar
img
30 iýun 2026
60

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, myhman Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Işewür pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge Türkiýäniň ýurdumyzda işleýän kompaniýalary, hususan-da, «Çalyk Holding» kompaniýalar topary uly goşant goşýar. Häzirki wagtda bu düzüm Diýarymyzda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, innowasion tehnologiýalaryň, ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň girizilmegini giňden goldaýandygyny aýdyp, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri alyp barjakdygyna ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.