2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 1-nji duşuşygy öz işine başlady. Maslahata gatnaşmak meýli bilen Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekilýetleri geldiler.
Mejlisiň birinji gününiň dowamynda wekilýetleriň agzalary Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hukuk esasyny kämilleşdirmek boýunça öz döwletleriniň başlangyçlaryny beýan etdiler, Teswirnama boýunça bellikler we teklipler aýdyldy. Şeýle hem taraplar suw biologiki resurslarynyň goranylmagy, rasional ulanylmagy we olaryň bilelikdäki gorlarynyň dolandyrylmagy boýunça Komissiýasynyň kadalaryna degişli meseleleriň giň çygry boýunça pikir alyşdylar.
Ähli hazarýaka döwletleriniň tekliplerini nazara almak bilen, ýokarda agzalan taslamanyň düzgünleri boýunça umumybähbitli çözgütleri tapmaga meýillerini belläp, taraplar Hazarda brakonýerçiligi ýok etmek boýunça bilelikdäki çäreleriň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.
Ertir Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň 1-nji duşuşygy öz işine dowam eder.