Baş sahypa / Habarlar
img
18 iýul 2026
67

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

 Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Gül goýmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi.

Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, dostlugyň nusgasy bolup durýar.

Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.

Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir.

 Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady.

“Biz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek, yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk. Gruziýa ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gruziýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny we beýleki birnäçe ugurlarda halkara başlangyçlaryny goldaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Gruziýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi.

“Biz Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirýäris. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň geljekde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Gruziýa döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döredýär, üstünlikli geçirilen gepleşikler bolsa özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.