Baş sahypa / Habarlar
img
21 iýul 2026
224

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Baş sekretar Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini aýdyp, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibinde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşine uly orun berilýändigini nygtady.

“Ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnama ýurdumyzyň BMG bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn ornuna ýokary baha berýändigini belledi.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Sýaoszýun Greýs Wanyň alyp barjak jogapkärli işiniň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, diplomata ýene-de bir gezek işinde üstünlikleri arzuw etdi.