Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
21 iýul 2026
258

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Sebit merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde, sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde özboluşly meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy we geçirilmegi, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda amala aşyrylýan sebit maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.