Baş sahypa / Habarlar
img
28 iýul 2026
84

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem Farzane Sadeg Malwajerd Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Farzane Sadeg Malwajerdiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, dünýä ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz goňşy döwletler bilen dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler. Bu toparyň alyp barýan işi hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny açmaga hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.